Arhiw

Talyplar teatry «Türkmen gerçegi» atly täze eseri sahnalaşdyrdy

16:2823.09.2021
0
1156

Ýurdumyzyň şanly senesine – Türkmenistanyň Garaşszylygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan teatr oýunlary Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň «Türkmen gerçegi» atly spektakly bilen başlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

«Türkmen gerçegi» spektaklyny Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikow «Görogly» şadessanynyň esasynda goýupdyr. Oýnuň sahnasyny şertli iki şahna bölse bolar: olarda Göroglynyň dogluşy, düýşünde Agaýunus perini görüşi, 40 ýigidi bilen Watan goragyna çykyşy beýan edilýär.

«Görogly» şadessany öwüşginlere şeýle bir baý welin, ony her gezek sahnada üýtgeşik goýup bolýar. Mysal üçin, halk gahrymanynyň dogluşam üýtgeşik. Nurmuhammet Keşşikow oýna özboluşly – oglunyň doglaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp, süýji arzuwlar ummanyna berlen ejesiniň keşbinden başlaýar. Ol mähirli hüwdüleri aýdyp, hyýalynda ogluny bagryna basýar. Belki, ene söýgüsiniň özi-de üýgeşik doglan çaga kemala gelmäge kömek edendir.

Spektaklda Genjimiň baý bolsa-da, halk näme üçin ony däl-de, garyp Göroglyny han saýlady diýen sowalyna Jygalybegiň dogruçyl hem weli jogaby haýran edýär. Ol:

-Dünýäni baýlyk bilen almarsyň: Göroglynyň han saýlanmagynyň sebäbi ol edermen, halka-da galkan gerek – diýip jogap berýär.

Spektakl çalt – iki ýarym hepde-de sahnalaşdyryldy. Oýun sahnalary ekrandaky wideoýordumlar bilen gezekleşip görkezilip, türkmen tebigatynyň gözelligine we türkmenleriň söweşjeň ruhuna çuňňur düşünmäge ýardam edýär.

Oýnda üçünji ýyl talyplary, köpçülikleýin sahnalarda birinji ýyl talyplary çykyş etdiler. Üçünji ýyl talyby Aman Ataýew Däli Mäteliň we birinji ýyl talyplary Bagtyýar Dolyýew bilen Jygalybegiň keşbini döreden Kerim Ataýew has tapawutlandylar.

Spektakl türkmen halkynyň gahrymançylygy, medeniýeti we özboluşlylygy barada gürrüň berýär. Göroglynyň keşbi – ýaşlary edermenlik we asyllylyk duýgusynda terbiýelemekde gowy sapakdyr. Diňe şeýle häsiýetli kişi türkmene baş bolup biler, hut şonuň üçinem Türkmenistanyň Garaşszylgynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp hut şu spektakl saýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň