Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky awtobuslar baýramçylyk ýazgylary bilen bezeldi

12:0523.09.2021
0
9272

Aşgabatdaky jemgyýetçilik ulaglary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýazgylar bilen bezeldi. Bu barada Aşgabadyň ýolagçy ulag kompaniýasy habar berýär.

«Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtyň awtobuslary watançylyk ruhly ýazgylar bilen bezeldi. Ak düşekde açyk gök ýa-da zümerret ýaşyl reňk bilen ýazgylar diňe bir uzaklardan aýdyň görünmän, eýsem, baýramçylyk şähdiňi hem artdyrýar. Olar Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna reňk goşýar» diýlip, kärhananyň resmi saýtynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň