Arhiw

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow SSKA-Pamiriň ýene bir ýeňşine goşant goşdy

20:0022.09.2021
0
2198
Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow SSKA-Pamiriň ýene bir ýeňşine goşant goşdy

Täjigistanyň futbol çempionatynyň çarşenbe güni badalga alan 20-nji tapgyrynyň çäginde Duşenbäniň SSKA-sy myhmançylykda «Rawşany» ýeňdi. Duşuşyk Duşenbe şäheriniň toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň başdan-aýaga gatnaşan duşuşygynda ýeňiji toparyň pökgülerini 37-nji minutda Lýuk, 81-nji minutda Firuz Bobiýew geçirdi.

Bu ýeňişden soňra utugyny 30-a çykaran SSKA ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär. Topar nobatdaky duşuşygyny 25-nji sentýabrda «Duşenbe-83» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň