Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär

01:5623.12.2014
0
6967

Aşgabat, 23-nji dekabr.«Türkmenportal». 

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegine bagyşlanylan maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, käbir ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, käbir ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu Rezolýusiýa şu ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Bu buýsançly ýagdaý bolup, ýokarda agzalan resminamanyň awtordaşlary hökmünde Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň köpüsi, şeýle hem Ýewropa, Latyn Amerikasy we Afrika  ýurtlary – jemi 66 döwletiň çykyş etmegi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň  ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Bu Rezolýusiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly  ulag ulgamy boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek hakyndaky teklibi resmi taýdan  berkiden ilkinji resminamasy bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň adyndan Türkmenistanyň bu möhüm halkara başlangyjynyň biragyzdan goldanylandygy üçin BMG-niň ähli agza ýurtlaryna hoşallyk beýan edildi.

Awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny intermodal logistika merkezleriniň we gury ýer portlarynyň üsti bilen birleşdirýän ulag ulgamynyň kemala gelmeginiň esasyny goýýan bu resminamanyň düzgünlerinde  2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki Halkara maslahatyna jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň esasy ugurlary beýan edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, şol sanda Ýewropa Ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Awtomobil ulaglary halkara birleşigi, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi boýunça Hökümetara topary  we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belläp geçmek gerek.

Hususan-da, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins bu Rezolýusiýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin möhüm ähmiýetini, şeýle hem ulag geçelgeler ulgamynyň ösdürilmeginiň hasabyna Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine goşmaça kömek bermekde ähmiýetini belledi.

Şeýlelikde, biziň ýurdumyz müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny özara baglanyşdyran we  adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine örän işjeň gatnaşyp,  sebit we ählumumy derejede abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli  halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň