Ýewropada gazyň bahasy 880 dollara ýetdi

22:0822.09.2021
0
461
Ýewropada gazyň bahasy 880 dollara ýetdi

Ýewropanyň fýuçers bazarynda tebigy gazyň bahasy 11,7 göterim gymmatlap, bir müň kub metr üçin 880 dollara deň boldy.

Söwdalaşyklardan soňra oktýabr üçin tranzit daşamalarynyň bahasy her müň kubmetr üçin 900 dollardan hem artdy.

Ýewropanyň fýuçers bazarynda gazyň bahasy üýtgäp dur, meselem, 15-nji sentýabrda kotirlemeler rekord derejä— 963,9 amerikan dollaryna deň boldy. Ertesi bolsa 10 göterim pese gaçdy, 17-nji sentýabrda bolsa ýene 4,6 göterim gymmatlady. Bu ýagdaý henizem dowam edýär.

“Mawy ýangyjyň” gymmatlamagynyň esasy sebäpleriniň biri “Gazprom” edarasynyň Ýewropa Bileleşigine “Ýamal-Ýewropa” turbageçirijisi arkaly gaz ibermegini awgustyň ortalaryndan başlap görnetin azaltmagy boldy. Russiýanyň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskowyň sözlerine görä, “Demirgazyk akym-2” geçirijisiniň tiz işe girizilmegi Ýewropada tebigy gazyň nyrhyny sazlaşdyrar. Ýeri gelende aýtsak, RF Ýewropa esasy gaz iberiji döwlet bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň