Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde wideoýüzlenme arkaly başlangyçlaryny öňe sürdi

19:1022.09.2021
0
10406

Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä jemgyýetçiliginiň koronawirus pandemiýasy bilen bagly meseleleri syýasatlaşdyrmakdan saklanmalydygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu barada aýdanlary sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde wideoýüzlenme görnüşinde görkezildi.

"Koronawirus meselesiniň syýasatlaşdyrylmagyna, onuň döwletara gatnaşyklaryna täsir etmegiň guraly hökmünde ulanylmagyna ýol berilmeli däl" - diýip, Prezident belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň düzümleriniň we agzalarynyň ählisiniň jemlenmegi bilen umumy wehime garşy göreşde üstünlik gazanyp boljakdygyna ynam bildirdi. Şol bir wagtda, ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramsyny ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy çagyryşlara netijeli jogaplary işläp düzmek boýunça köpugurly gepleşikler üçin esasy meýdança hökmünde belledi.

Türkmen Lideri şeýle hem koronawirusa garşy göreş we ony has çuňlaşdyryp öwrenmek üçin BSGG-niň çäklerinde birnäçe dünýä we sebit gurallaryny döretmegi teklip etdi we adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmek we olaryň durnuklylygyny berkitmek babatda işleri işjeňleşdirmegiň zerurlygyna üns çekdi.

Owganystandaky ýagdaýlar üýtgedi, bu ýagdaýlara ideologik garaýyşsyz, gorkusyz çemeleşmeli. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde görkezilen wideoýüzlenmesinde belledi.

"Ol ýerde [Owganystanda] ýagdaýlar ýönekeý däl, emele gelýän häkimiýet institutlary we jemgyýetler diýseň ejiz. Şonuň üçin hem bu ýurtdaky ýagdaýlar düşündirilende we bahalandyrylanda ýeterlik derejede deňagramlylyk, gyradeňlik, jogapkärçilik talap edilýär. Bu hereketler sözde bolşy ýaly, hereketlerde hem saklanmaly. Owganystandaky ýagdaýlar özgerdi, olara çemeleşmeler guralanda ideologik garaýyşlar, könelip giden kineler, gorkular we ynançlar aradan aýrylmaly. Uruşlardan we dawalardan ýadan, parahat we asuda durmuşy arzuw edýän owgan halky hakynda pikir etmeli» - diýip, Prezident belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, Aşgabat Owganystanyň syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, «doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we bitewüligine» çuňňur gyzyklanma bildirýär.

«Biz Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşmagy ugrunda çykyş edýäris we emele gelýän döwlet institutlarynyň owgan halkynyň bähbidine we abadançylygyna işlejekdigine umyt edýäris. Türkmenistan, öz tarapyndan, edil öňküleri ýaly, Owganystana ählitaraplaýyn ykdysady we ynsanperwer goldawyny bermegini dowam eder» - diýip, Prezident belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň