Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar üçin niýetlenen iki sanjymyň ýene bir synag tapgyry tamamlandy

18:3822.09.2021
0
2347
Çagalar üçin niýetlenen iki sanjymyň ýene bir synag tapgyry tamamlandy

Pfizer we BioNTech sanjymlarynyň 5 ― 11 ýaş aralygyndaky çagalara niýetlenen görnüşiniň synaglarynyň ikinji tapgyry üstünlikli tamamlandy.

«Pfizer» tarapyndan berlen beýanata görä, sanjymlar bu ýaş aralygyndaky çagalar üçin düýbünden howpsuzdyr. Synaglarda olar çydamlylygyny we antikorlara garşy täsirini görkezdi.

Synaga gatnaşan çagalaryň hersine üç hepde aralykda 10 mg ölçegde iki doza sanjym berildi. Ikinji dozadan soň çagalaryň bedeni kesele garşy göreşmäge doly taýýar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň