“Ak Hünji” Hojalyk jemgyýeti öýi özgertmek üçin bezeg materiallaryny hödürleýär

18:3622.09.2021
0
4878

“Ak Hünji” Hojalyk jemgyýeti interýer üçin dürli bezeg gurluşyk materiallaryny hödürleýär. Olaryň sanyna penopolistiroldan ýasalan potology bezemek üçin elementleri degişlidir. Kompaniýa potolok profilleriniň (106 görnüşi), bezeg potolok plitalarynyň dürli görnüşlerini, kiçi lýustralary we beýleki bezeg elementlerini hödürleýär. “Ak Hünji” Hojalyk jemgyýetiniň saýtynda has giňişleýin maglumaty alyp, kärhana tarapyndan öndürilen önümleriň suratlaryny görüp bilersiňiz. Bezeg maksatlaryndan başga-da, penopolistiroldan öndürilen önümler gurluşykda ýylylyk izolýasiýa, ses izolýasiýa we gidroizolýasiýa materiallaryny öndürmek üçin hem ulanylýar.

Kompaniýa 10 ýyldan gowrak wagt bäri penopolistirol we sendwiç-panellerinden dürli önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýar. Esaslandyrylan wagtyndan bäri “Ak Hünji” özüni ygtybarly we ynsaply kompaniýa hökmünde tanatdy. Ýurduň içerki bazarynda berk orny eýelän bu kompaniýa, öz iş ugurlary babatynda tejribe we bilimleri almagy dowam etdirýär. Has giňişleýin maglumat üçin salgylanma boýunça geçiň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň