Soňky habarlar

Arhiw

«PlayStation 5 devkits» toplumy 6000 ýewro satyldy

18:0021.09.2021
0
4166

«EBay» onlaýn söwda meýdançasynda satuwda adaty bolmadyk teklip peýda boldy. Ulanyjylaryň biri wideo oýunlaryny döredijiler üçin niýetlenen konsolyň ýörite wersiýasy bolan «PlayStation 5 devkits» toplumynyň satuwyny mahabatlandyrmak kararyna geldi. Ýöne kanuny taýdan «PlayStation 5 devkits» satylyp bilinmeýänligi we «Sony» kompaniýasy ýörite şertnama esasynda olary döredijilere kärendesine berýändigi sebäpli, başarnykly ulanyjy ony doňdurylan pizza gyzdyryjysynyň ady bilen hödürledi.

Satyjy hatda daş-töweregi surata düşürdi, hakyky «PlayStation 5 devkits» toplumynyň satylandygyny anyklamak mümkin däl. Adaty bolmadyk «PlayStation 5 devkits» toplumy 6 müň ýewro satyldy. Bu barada «4pda.to» web sahypasy habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň