Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň taryhyna degişli suratlar Russiýadaky Beýik Pýotr adyndaky muzeýde görkezilýär

15:3721.09.2021
0
2629

Kunstkamera Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Beýik Pýotr adyndaky Antropologiýa we etnografiýa muzeýi isleg bildirýänleriň ählisini internet arkaly gezelenje çagyrýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Kolleksiýalaryň maglumatlar bazasynyň hemmä elýeterli bölegi Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda ýüze çykarylan tapyndylary özünde jemleýär. Onlaýn katalog muzeýde toplanan köp sanly zatlary görmäge we olar bilen baglanyşykly taryhy: olary döredenleri we sowgat berenleri, toplanlary we ylmy ekspedisiýalary bilmäge mümkinçilik berýär.

Russiýanyň muzeýiniň kolleksiýalarynda saklanýan taryhy suratlarda türkmenleriň gadymy bazarlary, obalary, durmuşy we däp-dessurlary, milli geýimli erkekdir aýallar, ak öýler, öý goşlary, halylar we şaý-sepler şekillendirilipdir. Dürli ýyllarda Türkmenistanda bolan etnograf alymlar olar bilen tanyşlyk halkyň milli medeniýetine çynlakaý gyzyklanma döredýän taýsyz kadrlaryň hronikasyny ýygnapdyrlar.

Dürli muzeý kolleksiýalaryny öwrenmek täze açyşlara alyp barýan janly, üznüksiz işdir. Her eksponata goşmaça maglumaty-da görkezmek bilen, jikme-jik beýany goşulýar.

Elektron saklawhanalarda bellige alnan adamlar bu zatlaryň suratyny sosial ulgamlarda paýlaşyp, öz tematik albomlaryny döredip, muzeý gymmatlyklaryny öz taslamlarynda ulanmaga hukuk almak üçin, saýlap-seçip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň