Türkmenistanda VI Hazar sammiti geçiriler

02:0621.09.2021
0
1547

Şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar sammiti geçiriler. Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli sammitiň Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna VI Hazar sammitini ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini, şeýle hem bu babatda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň