Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:4821.09.2021
0
3556
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de bu ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Lider Gutlagynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezident Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, durmuş we ykdysady ulgamlarda hem-de öz raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmekde uly üstünliklere eýe bolandygyny belledi.

Milli Lider öz hatynda Ermenistan Respublikasynyň ýeten sepgitlerine tüýs ýürekden begenýäris hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris diýip, dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda kemala gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň türkmen-ermeni gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Armen Sarkisýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk we bagt, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň