Soňky habarlar

Arhiw

«Kaýrat» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň çempionatyndaky ilkinji ýeňşini gazandy

23:5019.09.2021
0
8318

«Kaýrat» türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň çempionatyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Topar 21-nji tapgyryň duşuşygynda «Kyzyl-Žary» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ýeňiş pökgüsini 77-nji minutda gazak hüjümçisi Artur Şuşenaçýew geçirdi.

«Kaýrat» 22-nji sentýabrda Gazagystanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynda «Kaýsar» bilen duşuşar.

Gazanylan ýeňişden soňra Gurban Berdiýew metbugat maslahatynda şeýle diýdi:

«Ýeňil oýun bolmady. «Kyzyl-Žar» ― gowy gurnalan gowy garşydaş. Olaryň ýiti dessin hüjümleri bar. Ýöne men oýundan razy. Biz bu çylşyrymly duşuşykda goragda we hüjümde dogry hereketleri etdik. Ýigitlerimiz başa barmadyk hüjümleri dessine gaýtadan nädip guramalydygyny gowy bilýär. Her niçik hem bolsa men duşuşygyň geçişinden we netijesinden razy».

Bu duşuşykdan soňra utugyny 40-a ýetiren «Kaýrat» ýaryş tertibiniň üçünji basgançagynda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň