Belgiýa agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatyrmakçy

19:2119.09.2021
0
1364

Belgiýa 1-nji oktýabrdan başlap, agyz-burun örtüklerini dakynmak barada hökmany düzgünleri ýatyrmakçy, şeýle-de Covid Safe Ticket (CST) rugsatnamalarynyň ulanyş çägini giňeltmekçi. Bu barada ýurduň hökümet başlygy Aleksandr Gde Kru resmi beýanat berdi diýip, The Brussels Times gazeti ýazýar.

Häzir ýurtda 8,5 million adam sanjymlaryň ilkinjisini aldy, uly ýaşlylaryň 84 göterimine bolsa doly sanjym edildi. Öňdäki aýyň başyndan jemagat hyzmaty edaralarynda, naharhanalarda we dükanlarda örtük dakynmak gerek bolmaz.

Bütin Patyşalygyň çäginde jemgyýetçilik ulaglarynda, demir ýol menzillerinde, saglygy goraýyş edaralarynda, lukmançylyk we lukmançylyk däl edaralarynda, meselem, dellekhanalarda örtükleri dakynmak düzgüni saklanyp galar.

Müşderilere naharhanalarda we beýleki hyzmat edaralarynda ýokanja garşy sanjym alandygy, COVID-19 bilen keselli däldigi ýa-da keseli eýýäm geçirendigi barada güwänamany görkezmek ýeterlik bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň