Soňky habarlar

Arhiw

«Michelin» 2024-nji ýylda howasyz tekerleriň önümçiligini ýola goýar

18:3919.09.2021
0
11484

Mýunhende geçirilen «IAA Mobility 2021» halkara awtoulag sergisinde «Michelin Uptis» kysymly howasyz tekerler görkezildi. Çylşyrymly tehnologiýany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa 16 ýyl gerek boldy.

Howasyz tekerleriň yzygiderli önümçiliginiň 2024-nji ýylda başlamagyna garaşylýar. Kompaniýanyň statistikasyna görä, deşikler we beýleki ownuk zyýanlar sebäpli her ýylda 200 million teker taşlanýar.

Ösen tehnologiýa «Uptis» tekerlerine bar bolan analoglara garanyňda has güýçli täsirlere garşy durmaga mümkinçilik berer, üstesine-de, tekerleriň ömri uzak bolar.

«W3bsit3-dns.com.to»-nyň habar bermegine görä, howasyz tekerleri ulanmak üçin ýörite disk gurnamaly bolarsyňyz, olarda adaty tekerler bilen tapawut duýulmaz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň