Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kazandaky konsuly KDOHU-da boldy

15:2518.09.2021
0
19703

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly A.H.Baýramow Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň rekotry A.R.Waliýew bilen duşuşdy. Bu barada konsullyk edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň mowzugy ylmy we bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, geljekki türkmen hünärmenlerini taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, bilim edarasynyň durmuşyna gatnaşmak we ş.m. meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Häzirki wagtda bu ýerde bilim alýan 5 müň talybyň 120-si daşary ýurtlulardyr. Şolaryň hem 20 göterimi türkmenistanly ýaşlar.

Konsul bu ýerde bolmagynyň çäklerinde türkmenistanly talyplar bilen hem duşuşdy. Baş konsullygyň wekili türkmen talyplaryny sport, medeni we beýleki çärelere işjeň gatnaşmaga, teoretiki we amaly endiklerini ösdürmäge çagyrdy. Şeýle hem diplomatik edaranyň ähli zerur konsullyga we beýleki goldaw bermäge taýýardygy barada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň