Soňky habarlar

Arhiw

21-nji dekabryň birža täzelikleri

23:2221.12.2014
1
3646

Aşgabat, 22-nji dekabr.«Türkmenportal». 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy – diýip, «Türkmenistan: hepdäniň wakalary» habarlar hepdeligi habar berýär.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, şeýle hem “Б” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata, garaköli we saryja goýunlaryň ýüňi, portlandsement, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa,  Şweýsariýa, Türkiýe we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 486 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Hytaýdan, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 14 million 657 müň manatlykdan gowrak ýük awtoulagyny, sanly týunerleri, şeýle hem arassalanan pagta ýagyny, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi, ýüňi (garaköli, saryja, geçi), nah matalaryň galyndylaryny  satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, 274 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň