Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýada bitkoini döreden adamyň heýkeli dikildi

15:1918.09.2021
0
4702

Ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde bitkoin kripto walýutasyny esaslandyran Satoşi Nakamoto üçin ýadygärlik dikildi.

Satoşi Nakamoto - rowaýaty şahsyýet hasaplanýar. Sebäbi onuň kimdigi - erkekmi, aýalmy ýa-da bir pikire uýýan adamlaryň toparymy - bu henizem nämälimligine galýar. Şonuň üçin hem heýkelde belli bir adamyň şekili görkezilmän, ýüzüň ýerine aýnaly sudur ýerleşdirilipdir.

Satoşi Nakamotonyň şahsyýeti barada has ýörgünli bir çaklama bar. Aýdylmagyna görä, Satoşi Nakamoto - kompaniýalarynyň atlarynyň ilkinji harplarynyň utgaşmasydyr, ýagny - Samsung-Toshiba-Nakamichi-Motorola.

Heýkeliň awtorlary munuň bitkoini we umuman, "kripto" nyşanyny alamatlandyrýandygyny öňe sürýärler. Şeýle hem, ol "sanly altyny" goldaýanlaryň her biriniň Satoşidigini aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň