Soňky habarlar

Arhiw

Eýran ŞHG-nyň doly hukukly agzasy boldy

15:1318.09.2021
0
1200

Düýn anna güni Täjigistanyň paýtagtynda geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitinde Eýran Yslam Respublikasy guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi, bu barada eýranly žurnalist Abbas Aslani habar berdi diýip, INTERFAX.RU habarlar gullugy ýazýar.

“Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda doly hukukly agzalygy Duşenbe sammitinde döwletleriň Baştutanlary tarapyndan makullanyldy” diýip, Aslani Twitterdäki sahypasynda ýazýar.

Onuň sözlerine görä, Eýranyň DIM-niň täze ýolbaşçysy Amir Abdollahian öz ýurdunyň ŞHG-a agzalyga girmegi Eýranyň halkara we sebit gatnaşyklaryna, Merkezi Aziýada goňşy döwletler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyna görnetin täsirini ýetirer diýip nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň