Soňky habarlar

Arhiw

Gruzin küştçi zenany “Netflix” kompaniýasynyň üstünden kazyýete ýüz tutdy

14:4818.09.2021
0
1151

Gruzin we sowet döwrüniň küştçi zenany Nona Gaprindaşwili Netflix amerikan kompaniýasyny “Korol zenanyň göçümi” atly serialda wakalary ýoýmakda aýyplap kazyýete arz etdi. Segsen ýaşly küştçüni onuň hiç wagt erkeklere garşy küşt oýnunda basleşmändigi baradaky bölüm ýaramady. Bu barada Hollywood Reporter saýty habar berýär.

Gaprindaşwili indi Netflix kompaniýasyndan 5 million amerikan dollary möçberinde öweztölegini talap edýär. Ol özüniň 1968-nji ýylda erkek küştçüleriň 59-synyň garşysyna küştde bäsleşendigini nygtaýar. Olaryň arasynda Boris Spasskiý, Mihail Tal, Paul Keres ýaly dünýä belli küştçüler hem bar.

Emma Neflix sowet küştçi zenanynyň nägileligini esassyz hasaplady.

Nona Gaprindaşwili— sowet we gruzin küştçüsidir, ol dünýäniň bäş gezek çempiony, zenanlaryň arasynda ilkinji halkara grossmeýsteri, şeýle-de “Küşt Oskarynyň” eýesidir.

“Korol zenanyň göçümi” serialynyň ilkinji görkezilişi 2020-nji ýylyň oktýabrynda boldy. Onda baş keşbi Anýa Teýlor-Joý janlandyrýar, serial şu ýylyň martynda “Iň oňat kiçi-serial” ugry boýunça “Altyn globus” baýragyny aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň