Soňky habarlar

Arhiw

ÝB-da soňky on ýylda gazyň ätiýaçlyk gorlary iň pes derejä düşdi

14:3518.09.2021
0
627

Ýewropa Bileleşiginde soňky on ýylyň dowamynda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary ortaça derejedäkiden 20 göterim azaldy, bu barada Ýewropa Geňeşiniň metbugat kätibi Wiwian Lunela habar berdi. Netijede, häzir tebigy gazyň strategiki gorlary 71 göterim derejededir.

“Mawy ýangyjyň” ätiýaçlyk gorlarynyň azalmagy onuň bahalaryna hem ýaramaz täsir edýär diýip, ýewropaly bilermenler aýdýarlar. 17-nji sentýabrda gazyň bir müň kub metriniň bahasy 800 amerikan dollaryndan hem geçdi.

Bu barada “Izwestiýa” habarlar gullugy habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň