Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Komissiýasy Ýewropa Goranmak Bileleşigini döretmekligi maksat edinýär

18:5917.09.2021
0
306
Ýewropa  Komissiýasy Ýewropa Goranmak Bileleşigini döretmekligi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasy umumyadamzat howpsuzlygyny ýola goýmaklyk hem-de bütindünýä sebitinde abadançylygy we parahatçylygy üpjün etmeklik üçin Ýewropa Goranmak Bileleşigini döretmekligi maksat edinýär. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy, hanym Ursula fon der Lýaýeniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýörite beýan berendigini «Report.az» web sahypasy habar berdi.

Hanym Ursula fon der Lýaýeniň bellemegine görä, Owganystandaky soňky wakalar diňe bir NATO guramasy üçin däl, eýsem Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar üçinem çynlakaý soraglary döredýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ol:

«Ýewropa Goranmak Bileleşigini döretmeklik işini çaltlaşdyrmaly. Bu guramada täze bölümleri döretmegiň zerurlygy ýok. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we NATO guramasynyň kömegi bolmazdan halkara meselelerinde ynsanyýetiň howpsuzlygyny, bütindünýä sebitiniň abadançylygyny we parahatçylygyny üpjün etmeklik işine goşant goşmaklyk üçin ýeterlik syýasy erk bolmaly. Umumyadamzat bähbitli bu işleri durmuşa geçirmeklik üçin hem

Ýewropa Goranmak Bileleşigini döretmegiň wagty geldi diýip hasap edýärin.» - diýip nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň