Soňky habarlar

Arhiw

ÝB täze harby bileleşigiň döredilmeginden bihabardygyny mälim etdi

16:5317.09.2021
0
512
ÝB täze harby bileleşigiň döredilmeginden bihabardygyny mälim etdi

Ýewropa Bileleşigi ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Awstraliýanyň üçtaraplaýyn esasda AUKUS diýilip atlandyrylan täze harby alýansy döredendiklerinden habardar edilmändigini mälim etdi we bu ady agzalan ýurtlardan goşmaça maglumat talap edýär.

Bu barada ÝB-niň daşary syýasat gullugynyň wekili Peter Stano resmi beýanat berdi. Stano bu meseläniň ÝB-niň içinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şu gün,16-njy sentýabrda ABŞ, Beýik Britaniýa we Awstraliýa Hindi-Ýuwaş ummany sebitinde goranmak we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşdylar.

Britaniýanyň hökümet başlygy Boris Jonson AUKUS atly täze alýansyň işiniň beýleki ýurtlara garşy gönükdirilmeýändigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň