Soňky habarlar

Arhiw

«Microsoft» «Windoswsly» kompýuterlerden gizlin sözleri öçürer

16:0017.09.2021
0
4364

«Microsoft» kompaniýasy tarapyndan kompýuterlerdäki maglumatlary goramagyň täze usuly döredildi.

Kompaniýa «Windows» ulgamly kompýuterler üçin gizlin sözsüz açmak aýratynlygyny hödürledi. Indi hasabyňyzy goramak üçin ulanyjylar diňe «Microsoft Authenticator» programmasyny öz smartfonlaryna göçürip almaly.

Programmany açanyňyzdan soň, «Microsoft» hasabyňyza girmeli we goşmaça howpsuzlyk düzgünlerini saýlamaly. Bu bölümde, ynamdar ykjam enjamyň golaýynda bolsa, kompýuter awtomatiki usulda açyljak «Gizlin sözsüz hasap» hyzmatyny işjeňleşdirmeli.

Bu aýratynlyk «RIA Nowostiniň» habaryna görä, Windows 10 we 11-de elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň