Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow ŞHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar

22:4616.09.2021
0
912

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde milli Liderimiz ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirer.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, oňyn sebit we ählumumy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge anyk goşant goşjakdygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçiriljek ŞHG-niň sammiti barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň şeýle forumlara yzygiderli gatnaşmagynyň iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem, döwletara derejede netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem ýardam berýändigini nygtady. Şunda milli Liderimiz Türkmenistanyň ŞHG-ä agza ýurtlaryň ählisi bilen gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany türkmen-täjik gatnaşyklarynyň dost-doganlyk häsiýetine eýedigini aýratyn belledi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ýakynda amala aşyran döwlet sapary hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar toplumy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýady goýdy hem-de hyzmatdaşlyga täze many-mazmun berdi.

Milletiň Lideri wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Täjigistan Respublikasyna boljak sapara taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň