Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň möçberli sergi geçiriler

22:4416.09.2021
0
1536

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Hökümetiň şu günki mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak giň möçberli serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Maksatnama laýyklykda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçiriljek sergide milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümler görkeziler.

Forumyň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekki ugurlaryny hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümlerini tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri meýilleşdirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigini, ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Bu gün Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginde ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden bellidir. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar we oňyn başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milletiň Lideri belledi.

Sergiler ýetilen sepgitleri görkezmek, netijeli mahabat işlerini alyp barmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we şertnamalary baglaşmak hem-de bazar meýillerini öwrenmek we onda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçiligi üpjün edýär. Şoňa görä-de, innowasion tehnologiýalar we täzeçil usullar önümçilige has işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Milletiň Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we giň möçberli serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň