Arhiw

Türkmenistanyň demir ýol ulgamy boýunça täze Tertipnama taýýarlanylýar

22:4216.09.2021
0
2184

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna ýurdumyzyň çäginde demir ýol ulaglarynda ýükleri daşamak üçin kämilleşdirilen ýol resminamasyny ulanmak bilen baglanyşykly teklip hödürlenildi.

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi we döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, demir ýol pudagynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

“Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda hem-de bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulaglary düzümini kämilleşdirmek, demir ýol ulagynyň üpjünçilik ulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça degişli işler dowam edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzümleriniň häzirki zaman desgalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, demir ýollar arkaly daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, oňa täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze çekilen hem-de döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, daşary ýurtlardan döwletimize getirilýän ýükleri gysga hem-de amatly ýollar arkaly getirmek bilen baglanyşykly meseleler öwrenilmelidir diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň