Soňky habarlar

Arhiw

«Tejenkarbamid» zawodynyň durky düýpli täzelener

22:4016.09.2021
0
1457

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurduň himiýa önümçilikleriniň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny karbamid döküni bilen diňe bir doly üpjün etmän, ony köp mukdarda eksporta hem ugradýar.

Häzirki wagtda onuň eksport edilýän mukdaryny artdyrmak üçin ýurdumyzyň karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

“Tejenkarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, onuň tehnologik enjamlarynda we desgalarynda tehniki seljerme işlerini geçirmek, zerur işleriň sanawyny ýerine ýetirmek boýunça degişli işler ýola goýulýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça maýa goýmak hem-de onuň üçin öndüriljek goşmaça önüm bilen hasaplaşmak baradaky teklipler öwrenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnama baglaşmak baradaky meseläni ýene bir gezek içgin öwrenmek hem-de soňra oňa garamak üçin degişli düzümlere ibermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň