Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy Türkmenistandaky taslamalaryň üçüsine maýa goýar

22:3816.09.2021
0
1026

Wise-premýer Serdar Berdimuhamdow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça taslamalaryň üçüsine maýa goýmak we karzlary çekmek boýunça resminamalara gol çekmek barada ylalaşylandygy barada hasabat berdi.

Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli kompaniýasy tarapyndan önüm bilen hasaplaşmak şertinde göni maýa goýulmagyny guramak barada Ýol kartasyny öz içine alýan Çarçuwaly ylalaşyk, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek barada karz ylalaşygy, Türkmenistanda Abu-Dabiniň Ösüş gaznasy bilen bilelikdäki Maýa goýum edarasyny döretmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda esaslandyryjylaryň Ylalaşygy we oňa degişli resminamalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň