Arhiw

Ýakynda Türkmenistanda ilkinji Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly beket peýda bolar

22:3616.09.2021
0
1301

Geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly beket gurlar. Onuň gurluşygyny BAE-niň «Masdar» kompaniýasynyň alyp barmagyna garaşylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, wise-premýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýakynda dostlukly döwletde saparda boldy. Onuň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini, tehnologiýalary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Masdar” kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Geljekde serhetýaka etraplaryň birinde Gün şöhlesinden energiýa öndürýän köpugurly bekediň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, degişli Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň