Soňky habarlar

Arhiw

BAE-niň «Mubadala» kompaniýasy Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýar

22:3416.09.2021
0
1132

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Mubadala» emirlik kompaniýasy Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýar.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berlişi ýaly, ýakynda dostlukly döwlete bolan saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bu kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Onda nebitgaz ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek meselesine garaldy.

Şeýle hem amala aşyryljak taslamalary maliýeleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek barada pikir alşyldy. Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň