«Han ýassyk» onlaýn dükany ilata öz harytlaryny hödürleýär

22:0316.09.2021
0
6267

Türkmenistanda sanly ulgamyň çalt depginler bilen ösdürilmegi onlaýn tertipde iş alyp barýan dükanlaryň döremegine oňyn täsir edýär. Şu ýylyň aprel aýynda açylan «Han ýassyk» onlaýn dükany muňa mysaldyr. Bu onlaýn dükan tarapyndan hödürlenilýän harytlar ilat arasynda meşhurlyk gazanýar.

Häzirki wagtda «Han ýassyk» onlaýn dükany aýaksyz diwanlar, han ýassyklar, han düşekler, golluklar, kilimler ýaly harytlary ilata hödürleýär. Olar öýlerde, myhman otaglarynda, ak öýlerde, tebigatda guralýan çärelerde, restoranlarda we beýleki ýerlerde dynç alşy guramaga hem-de rahatlygy artdyrmaga ýardam edýär. Geljekde hem bu onlaýn dükanynda ýerleşdirilýän harytlaryň görnüşlerini köpeltmek maksat edinilýär.

«Han ýassyk» onlaýn dükanynyň harytlaryny @hanyassyk instagram salgysy ýa-da +99363568871 belgä jaň etmek arkaly sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň