Eýran Owganystana işewürlik uçuşlaryny dikeltdi

21:1116.09.2021
0
960

Eýran Yslam Respublikasy Owganystana yzygiderli işewürlik howa gatnawlaryny dikeltdi diýip, Ariana News teleýaýlymy habar berdi.

Ilkinji uçuşy Owganystana Mahan Air awiakompaniýasy amala aşyrdy, onuň 19 ýolagçydan ybarat uçary Kabula Eýranyň Maşat şäherinden geldi.

Golaý günlerde Kabulyň halkara howa menziline Katardan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden awiagatnawlaryň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň