Soňky habarlar

Arhiw

Sergeý Lazarew türkmen tomaşaçysynyň öňünde dyza çökdi

16:0420.12.2014
0
11996

Aşgabat. 20-nji dekabr. “Türkmenportal”.

Rus estradasynyň ýyldyzy Sergeý Lazarewiň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda guralan çykyşy diýseň uly şowhun döredip, tomaşaçylaryň müňlerçesinde gyzyklanma döretdi. Diňe bir paýtagtymyzdan däl, eýsem welaýatlardan hem ýörite konserte gelen adamlaryň sany 8 müňden geçip, olar söýgüli artistlerini dowamly we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Ýerine ýetiriji eýýäm ilkinji aýdymlaryny aýdyp başlanda ýeňillik bilen zaldaky adamlaryň söýgüsini gazanmagy başardy. Çykyşlaryň dowamynda tomaşaçylar gowy görýän aýdymlaryny Lazarew bilen bilelikde ýerine ýetirip, ondan aýratyn lezzet aldylar. “Türkmenportal” üçin interwýu beren mahaly Sergeý Lazarew öz döredijiligini Türkmenistanda şeýle gowy bilýändiklerine geň galandygyny we özüni şeýle mähirli garşylandyklaryna şatlygynyň çäginiň ýokdugyny gürrüň berdi.

Ol Watanyna dolanyp baranyndan soňra öz “Twitterinde” türkmenistanly tomaşaçylary ýatlap şeýle ýazýar: “Aşgabat. 8 müň tomaşaçy “Ýatlama” («Вспоминай») diýen aýdymy bir adam ýaly bolup ýerine ýetirdi!!! söz ýok!!! sag boluň!!!”, “Şowhunly konsertiň ahyrynda türkmen milli eşigini sowgat berdiler!!! bu uly sarpa!!! sag boluň!!! Maňa gowy gelişdimi?

Türkmen milli eşigi oňa diýseň gowy gowy gelişdi. Munuň şeýledigine okyjylar saýtymyzda berlen suratlara seredip göz ýetirip bilerler.

Türkmenistanlylar Sergeý Lazarewiň “Twitterde” ýazan setirlerini okap, Watanymyza, halkymyza bolan uly buýsanjy başdan geçirdiler. Sebäbi biz meşhur artisti mynasyp garşyladyk we onda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdyk.

Konsert tamamlanandan soňra Sergeý Lazarew özünde galan täsirleri “Türkmenportalyň” žurnalistleri bilen paýlaşdy.

-Sergeý, siziň şu konsertden göwnüňiz bitdimi?

-Örän gowy. Birinjiden, Türkmenistanda maňa we meniň döredijiligime nähili garaýandyklaryny gördüm we duýdum. Konserte 8 müňden gowrak adam gelendigi, olaryň hemmesiniňem meniň aýdymlarymy bilýändigi we özüm bilen bilelikde ýerine ýetirendigi kän zatdan habar berýär. Meniň pikirimçe, islendik aýdymçy hem muşdaklary şeýle derejede hormat goýanda özüni bagtly duýar. Çykyşymyň dowam edýän mahaly bu akýürekli we myhmansöýer halka minnetdarlygymy bildirmek üçin türkmen tomaşaçysynyň öňünde dyza çökdüm.

-Sergeý, sen şähere aýlanyp gördüň, biziň paýtagtymyz özüňde nähili täsirler galdy?

-Dogrymy aýtsam, şähere aýlanmaga mümkinçilik bolmady. Aeroportdan myhmanhana, myhmanhanadanam konserte geldim. Ýöne ulagda barýan wagtym şäheri synlap, Aşgabadyň owadan, arassa we häzirki zaman şäheridigine göz ýetirdim.

-Sergeý, siz tanymal artist. Dünýäniň kän ýurtlarynda konsert zallaryny dolduryp çykyş etdiňiz. Aşgabada ýene-de konsert üçin gelesiňiz gelýärmi?

-Elbetde. Türkmen tomaşaçysy maňa diýseň ýarady. Olaryň açykgöwünliligini we myhmansöýerligini hemişe ýatlap gezerin.

-“Türkmenportalyň” okyjylaryna nähili arzuwlaryňyz bar?

-2015-nji ýylda hemme arzuwlarynyň hasyl bolmagyny isleýärin.

-Sergeý, bizem Siziň ähli arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny dileg edýäris.

Interwýu berenligiňiz  üçin sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň