Günorta Koreýa 2050-nji ýyla plastik galyndylardan ýüz öwürmekçi

10:3816.09.2021
0
1421

Günorta Koreýa Respublikasy 2030-njy ýyla çenli plastik zibilleri 60 göterim, 2050-njy ýyla çenli bolsa 100 göterim azaltmakçy. Bu barada ýurduň Prezidenti Mun Çže In öňdäki şenbede geçiriljek Kenarýakalary arassalamak boýunça Halkara güni bilen bagly beýanatynda habar berdi.

“Plastik tebigatda 450 ýylda ýok bolýar, mikroplastik bolsa diňe bir deňiz jandarlaryna däl, eýsem, adamyň saglygyna-da zeper ýetirýär. Günorta Koreýa Dünýä ummanyny hapalaýan plastik galyndylaryň meselesini çözmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwlet ýolbaşçysy şeýle hem öz ýurdunyň 2050-njy ýyla çenli plastik galyndylarynyň doly soňuna çykjakdygyny wada berdi.

Kenarýakalaryny arassalamagyň Halkara güni her ýylyň sentýabr aýynyň üçünji şenbesinde bellenýär, onuň maksady adamlary deňiz suwa düşülýän ýerlerini arassalamaga ruhlandyrmakdyr. Günorta Koreýa bu tutuma 2001-nji ýyldan bäri işjeň gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň