Kurs: Awstriýa owgan bosgunlaryny kabul etmez

10:2916.09.2021
0
1081

Awstriýanyň hökümeti Owganystandan ýekeje-de bosguny kabul etmez, şeýle beýanat bilen ýurduň kansleri Sebastýan Kurs “La Stampa” gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde nygtady. Söhbetdeşlik sişenbede çap edildi.

Kurs özüniň hökümet başyndaka owgan bosgunlarynyň ýurda aralaşmagyna ýol bermejekdigini sözüniň üstüne goşdy. Onuň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Awstriýa 44 müňden gowrak owgan bosguny gelipdir. “Häzir biziň ýurdumyzda bütin dünýädäki owgan bosgunlarynyň çärýek bölegi ýaşaýar” diýip, Kurs ýagdaýdan nägilelik bildirdi.

“Biz ýagdaýa akylly-başly baha bermek nukdaýnazaryndan ugur alýarys, owganlaryň halkymyz bilen goşulyşmagy iňňän kyn bolup geçýär, bu ilkinji nobatda ruhy gymmatlyklarymyzyň çaprazlygy bilen baglydyr” diýip, Kurs sözüni aýdyňlaşdyrdy.

Bu barada UNN habarlar gullugy ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň