Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar tokaý ýangynlarynyň täsiri barada gürrüň berdiler

10:1916.09.2021
0
1265

Tokaý ýangynlary wagtynda agajyň ýanmagyndan döreýän tüsse adamyň bedeniniň koronawirus ýokanjyna garşy immun garşylygyna ýaramaz täsir edýär, bu barada Demirgazyk Karolina ştatynyň uniwrsitetiniň alymlary belleýärler.

Olar tokaý ýangynlarynyň keseliň ýaýramagyna täsirine baha bermek bilen, şeýle netijä geldiler.

Bu pikir bilen rus alymlary hem ylalaşýarlar. Olar ýangyn netijesinde emele gelýän önümleriň adam bedenine düşüp, onuň COVID-19 ýokanjyna garşy goraglylygyny pese düşürýändigini nygtadylar. Olar tüssäniň beýleki kesellere garşy hem immun ulgamyny gowşadýandygyny aýdýarlar.

Alymlar, esasan hem, göwreli zenanlara tüsseden gaça durmagy maslahat berýärler.

Rus lukmanlary howada tüssäniň köp mukdarda bolmagynyň beden öýjükleriniň kislorod bilen üpjünçiligine zeper ýetirýändigini, netijede ýürek-damar ulgamyna agram düşýändigini, munuň bolsa ýokanç keseller babatda iňňän howply täsir edýändigini nygtadylar. Bu barada “Izwestiýa” gazeti ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň