Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç hatyny ýollady

23:5315.09.2021
0
4619
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç hatyny ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonsona ejesi — hanym Şarlotta Jonson Walyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.

“Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk diläp, maşgala agzalaryňyza ýürekden gynanjymy we medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.

Boris Jonsonyň ejesi — hanym Şarlotta Jonson Wal 13-nji sentýabrda 79 ýaşynda aradan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň