Soňky habarlar

Arhiw

“Öwez mebel”: Iñ uly bagt - õýdãki rahatlykdyr!

20:0615.09.2021
0
2369
“Öwez mebel”: Iñ uly bagt - õýdãki rahatlykdyr!

Häzirki döwrüň mebel önümçiliginiň tejribesi türkmen telekeçileri tarapyndan yzygiderli özleşdirilip, raýatlarymyza hödürlenilýän hyzmatlarda beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçilik-söwda pudagyny ösdürmek babatdaky öňe sürýän ýörelgelerinden ugur alnyp, Diýarymyzyň önümçilik kärhanalarynda mebelleriň özboluşly görnüşler toplumy halka ýetirilýär. Dürli ofisler, ýaşaýyş otaglary, ýatylýan jaýlar, aşhanalar üçin niýetlenen mebel önümleri ýokary hili hem-de berkligi bilen tapawutlanýar.

Türkmen telekeçileriniň mebel önümçiliginde esasan-da hususy kärhanalaryň sanynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda has kiçi önümçilikden başlap, iri sargytlar bilen işleýän kärhanalar bar. Häzirki wagtda “Öwez mebel” mebel önümçilik kärhanasynyň önümçilik depginleri hem özbaşdak mebel ýasamak, taýýarlamak we isleglere laýyklykda sargytlary kabul etmek işine doly eýerilýändigini görkezip, mebelleriň täze görnüşlerine bolan islegleri ýokarlandyrýar. Kärhananyň hünärmenleri, esasan-da gapylary, aşhana mebellerini, ýatylýan otaglar üçin mebelleri, çagalar üçin niýetlenilen mebel harytlaryny ýasap, ýurdumyzyň islendik ýerlerine eltip bermek hyzmatyny alyp barýarlar.

Şu günki günde “Öwez mebel”-de içki gapylary öndürmek has giň gerime eýe boldy. Gapylaryň ähli görnüşleri, şol sanda lýuks, panel, amerikan panel ýaly gapylar ildeşlerimiziň göwnünden turup, täzeçil bezegli önümçiligiň beýleki önümlerine hem islegi artdyrýar. Gapylaryň, şeýle-de mebel görnüşleriniň agaçlarynyň ýokary hili onuň daşky keşbinden, oňaýly ölçeginden hem aýdyň görünýär. Bu bolsa harydyň uzak möhletiň dowamynda müşderä hyzmat etjekdigini hem-de alyjy bilen uzak wagtlyk gatnaşygy kepillendirýän özboluşlylykdyr.

“Öýüň rahatlygyny gazanmak — uly bagt” diýen şygary ýörelge edinýän “Öwez mebel” kärhanasynyň jemgyýetiň şu günki talaplaryna laýyk gelýän harytlary ýurdumyzyň birnäçe dükanlarynda hem-de onlaýn hyzmat salgylarynda sargyt boýunça müşderilere ýetirilýär. Aýratyn-da, mebel kärhanasynyň mebel görnüş toplumy bilen Instagram sosial media hasabynda @mebel_ussasy salgysy boýunça giňişleýin tanşyp bolýar.

Habarlaşmak üçin kärhananyň telefon belgisi hem-de elektron salgysy: +993 (65) 40-24-07; owezmebel@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň