Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýadaky golf meýdançasynda 4 müň ýyllyk mazar tapyldy

17:1815.09.2021
0
3314

Beýik Britaniýanyň Linkolnşer graflygynda üýtgeşik bir sungat eseri tapyldy.

Golf meýdançasyndaky howuzyň durky täzelenende bürünç asyryna degişli mazaryň üstünden baryldy. Arheologlaryň pikiriçe, palta bilen jaýlanan adamyň galyndylary saklanýan adaty bolmadyk beýle agaç tabyt gaty seýrekdir.

Paltanyň agaç tutawajy we daş pyçagy bar. Arheologlar mazaryň ýaşynyň 4 müň ýyla ýetýändigini aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň