Soňky habarlar

Arhiw

«Facebookyň» meşhur ulanyjylary platformanyň düzgünlerini berjaý edip bilmezler

16:3314.09.2021
0
3635

«Facebookda» sosial ulgamyň moderasiýa düzgünlerine tabyn bolmadyk 5,8 million ulanyjynyň «XCheck» sanawy ýüze çykaryldy.

«Gazeta.ru-nyň» «The Wall Street Journal» neşirine salgylanyp habar berşine görä, bu sanawda meşhurlar, syýasatçylar, žurnalistler we beýleki köp sanly meşhur şahsyýetler bar.

Kompaniýanyň içerki resminamalary köpçülige ýaýradyldy: “Jemgyýetimiziň käbir saýlanan agzalary platformanyň düzgünlerini berjaý edip bilmezler.

Beýleki ulanyjylardan tapawutlylykda bu adamlar hiç hili netijesiz standartlarymyzy bozup bilerler».

Şeýlelikde, meşhur ulanyjylaryň köpüsi jemgyýetiň düzgünlerini bozýan materiallar bilen ýazgylar goýdy we «Facebook» olary diňe köp sanly arzlardan soň aýyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň