Soňky habarlar

Arhiw

Genetikler 6 ýylda momonty dikeltmegi meýilleşdirýärler

16:2014.09.2021
0
4066

Garward lukmançylyk mekdebiniň genetika boýunça professory Jorj Çerçiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary mamonty janlandyrmagy meýilleşdirýärler. Tejribehana gurşawynda ýitip barýan görnüşleri döretmek taslamasyna 15 million dollar maýa goýuldy.

Hünärmenler Aziýada ýaşaýan pilleriň DNK-syndan alyp, mamontyň düwünçejigini döretmegi meýilleşdirýärler. Bu usul bilen alnan düwünçekler emeli enede ýa-da emeli ýatgyda öser. Netijede, alymlaryň meýilnamasyna görä, mamontyň endikleri bolan aýaza çydamly pil «doglar».

Mamontyň gaýtadan galkynyş taslamasyny tamamlanmak üçin alty ýyl gerek bolar. Alymlaryň pikiriçe, haýwanlaryň ýitip barýan görnüşleriň goralmagy Ýeriň ekoulgamyna peýdaly täsir eder we howanyň üýtgemegine garşy göreşde kömek eder diýip, «hightech.fm» neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň