Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri Er-Riýadda AHG-niň Baş sekretariýaty bilen gepleşikleri geçirdiler

23:1713.09.2021
0
6749

Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretariýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýad şäherindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň Geňeşiň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we gepleşikler boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary Geňeş bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol sanda, taraplaryň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýurtlaryň arasynda maýa goýum, energetika, söwda-ykdysady, ylmy-medeni we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem seredilip geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň