Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Türkmenistan tarapyndan başlyklyk edilen ýubileý mejlisi tamamlandy

10:2314.09.2021
0
1063

Şu gün Ýer ýüzünde köptaraplaýyn gepleşikler üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisi resmi taýdan öz işini tamamlaýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Tutuş dünýäni gurşap alan adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň plenar mejlisleriniň 103-siniň, ýokary derejeli duşuşyklaryň 16-synyň, ýörite mejlisleriň 2-siniň geçirilmegini, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Kararnamalaryň 320-den gowragynyň kabul edilmegini bolsa onuň üstünlikleriniň hataryna goşup bileris.

Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklyk eden Bitarap Türkmenistanyň tagallalary, öňe süren halkara başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu jogapkärli wezipäni indi 6-njy gezek abraý bilen ýerine ýetiren ýurdumyz şu gün — 14-nji sentýabrda badalga alýan 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan tamamlanan ýubileý mejlisde wise-başlyklyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň