«WhatsApp» sesi ýazgy görnüşine geçirer

18:0413.09.2021
0
4025

«WhatsApp» messenjer programmasynda indi sesleri ýazgy görnüşine geçirmek hem mümkin boldy. Öň bu iş başga bir kömekçi programmanyň üsti bilen amala aşyrylýardy.

Häzirlikçe, bu aýratynlyk diňe iOS üçin elýeterli bolar. Ses habaryny ýazga öwürmek üçin ulanyjy maglumatlaryň «Apple» hyzmat edaralaryna iberilmegine rugsat bermeli.

Şifrlenen habar ýerli WhatsApp maglumatlar bazasynda saklanar. «Ixbt.com»-a görä, täze aýratynlyk ýakyn wagtda beta görnüşinde işjeňleşdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň