Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana «John Deere» tehnikalarynyň ýene-de uly tapgyry gelip gowuşdy

16:3313.09.2021
0
500
Türkmenistana «John Deere» tehnikalarynyň ýene-de uly tapgyry gelip gowuşdy

Golaýda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna, bu ugurda iş alyp barýan telekeçilere dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde alnyp berlen täze tehnikalary uly buýsanç bilen kabul etdiler. Türkmen telekeçileri üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän «John Deere» kysymly täze traktorlaryň, tirkeg gurallarynyň we derman serişdelerini sepiji enjamlaryň ýurdumyza getirilmegi oba hojalyk işlerini gysga möhletde tamamlamaga amatly şertleri döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň