Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň eksporty importdan 20 göterim kän boldy

11:5513.09.2021
0
1077

Türkmenistan dünýäniň 80-den gowrak döwleti bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşiriň ýazyşy ýaly, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksportyň tutýan paýy 60, importyňky bolsa 40 göterime barabar boldy. Eksportyň möçberi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak maksady bilen, esasy hyzmatdaş ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda öýleri Russiýa Federasiýasynda, Belarus, Türkiýe, Gyrgyz Respublikalarynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki ýurtlarda hereket edýär. Türkmenistanda öndürilýän önümler olaryň üsti bilen daşary ýurtlarda ýerlenilýär.

Ýurduň harytlary şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda her gün geçirilýän söwdalarda ýerlenilýär. Eksporta niýetlenen önümleri mahabatlandyrmak, täze hyzmatdaşlary tapyp, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanda halkara sergiler guralýar, wirtual sergiler hereket edýär, işewürler maslahatlary, ykdysady forumlar yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler öz oňyn netijesini hem berýär. Şonuň bilen birlikde, eksport mümkinçilikleri heniz doly ulanylmaýar we bu ugurda has netijeli işleri, anyk çäreleri durmuşa geçirmek zerur bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň