Arhiw

«Tesla» lazer bilen işleýän serpikdiriji üçin patent aldy

17:0612.09.2021
0
5478

«Tesla» kompaniýasy lazer şöhleleri arkaly şemaly serpikdiriş ulgamyny patentledi.

2019-njy ýylyň maý aýynda yzyna iberilen bu arza ABŞ-nyň patent we söwda belligi edarasy tarapyndan tassyklandy.

Işläp düzüjileriň düşündirişine görä, lazer şöhlelerini ulanýan ulgam ilki bilen aýnanyň ýüzüni gözden geçirýär we haýsydyr bir päsgelçiligi ýüze çykarsa, lazer arkaly aýyrmaga gönükdirýär. Şol bir wagtyň özünde, lazer şöhlesiniň aýnadan geçmezligi we sürüjä päsgel bermezligi üçin aşa gowşak güýje eýedigi habar berildi.

Şeýle-de bolsa, «techcult.ru»-nyň habaryna görä, hünärmenleriň pikiriçe, bu tehnologiýanyň «Tesla» tarapyndan ulanylmagy ähtimal däl, sebäbi ol Cybertruckyň iň futuristik keşbini döretmek üçin oýlanyp tapyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň