Soňky habarlar

Arhiw

13-14-nji sentýabrda Daşkentde Türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçiriler

23:3910.09.2021
0
4360

13-14-nji sentýabrda Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew 10-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Hususan-da, wise-premýer 13-14-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisine hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Özbegistanyň birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, netijeli söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigini nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň