Angliýada ähli täze binalar elektrikli ulaglara zarýad berijiler bilen üpjün ediler

16:1811.09.2021
0
4212

Angliýa gurluşyk kompaniýalaryna ähli täze desgalary döwrebap elektrik awtoulag zarýadlandyryjylary bilen enjamlaşdyrmagy tabşyrmakçy. Şeýle kanunyň taslamasy şu ýyl tassyklansa, Angliýa dünýäde elektrik ulaglary üçin zarýad beriş infrastrukturasynyň ösüşiniň kanunçylyk derejesinde ýazyljak ilkinji döwleti bolar.

Edara binalarynyň golaýyndaky duralgalaryň her birinde şeýle zarýad merkezleriniň bäşisi bolar diýlip çaklanylýar.

«3dnews.ru»-nyň habaryna görä, hususy garažlary bolmadyk awtoulag eýelerine hem bu zarýad enjamlaryndan peýdalanmak üçin rugsat berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň